Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

4 Dekabr 2024
204

Hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, ýaş nesillerimiziň döwrebap ylymly, bilimli bolmaklary, olaryň yhlasly we döredijilikli zähmet çekmekleri ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere kuwwatly itergi berýär. Ylymly, bilimli nesil jemgyýetiň ösüşini dowam etdirýär, onuň ösüşine özüniň goşandyny goşýar. Hut şu maksat bilen hem häzirki wagtda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykaryp bilmekleri, bilimleri başarnykly özleşdirmekleri üçin ýurdumyzyň orta mekdeplerinde uly mümkinçilikler döredilýär.

Täze gurulýan mekdepleriň ählisinde döwrebap kitaphanalar bar, öňden bar bolan mekdepleriň durky täzelenilip, olardaky kitaphanalar hem doly döwrebaplaşdyrylýar. Paýtagtymyzyň beýleki umumybilim berýän orta mekdeplerinde bolşy ýaly, 46-njy orta mekdepde hem kitaphana işi döwrebap alnyp barylýar. Okalga eýwanlary üçin enjamlaryň, dürli bezegleriň üpjün edilmegi, düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, kitap tekjeleri kitaphanalaryň işleriniň kämilleşmegine uly ýardam edýär. Okuwçylaryň kitap okamaga höwesini artdyrmak, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Täze gelip gowuşýan kitaplar bilen tanyşdyrylyş dabaralarynyň, ýazyjy-şahyrlar, alymlar, öňdebaryjy zähmet ussatlary bilen duşuşyklaryň guralmagy okuwçylarda uly täsir galdyrýar.

Maral ALLABERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy.