Parahatlyk — dillerimiziň senasy

4 Dekabr 2024
225

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 29 ýyllyk baýramyny ajaýyp wakalar, buýsandyryjy netijeler bilen garşylaýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir» diýlip bellenilýär. Şeýlelikde, Konstitusiýada hemişelik Bitaraplygyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy aýratyn orun alýar.

Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe sessiýalarynda wise başlyklyk etdi. Döwletimiz bu abraýly wezipäni 79-njy sessiýada hem ýerine ýetirýär. Häzirki wagta çenli türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň onlarçasy kabul edildi. Ýurdumyzyň teklibi boýunça her ýylda halkara seneleriň üçüsi — 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni, 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni, 26-njy noýabrda bolsa Bütindünýä durnukly ulag güni bellenilýär. Munuň özi BMG tarapyndan Türkmenistanyň sebitdäki we dünýädäki syýasy ornuna ýokary baha berilýändigini, döwletimiziň bu halkara guramanyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde agramly hem möhüm wezipeleri ýerine ýetirýän abraýly agzasydygyny tassyklaýar.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.