Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

4 Dekabr 2024
138

Energetikanyň ösüşli ýollary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen energetikasynyň ösüş-özgerişli menzilleri ýeňişlere beslenýär. Milli ykdysadyýetimizde iňňän möhüm orny eýeleýän elektroenergetika pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler gowy netijesini hem berýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy kämil tehnologiýaly döwrebap elektrik stansiýalarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Täze tehnologiýaly elektrik stansiýalarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Bu bolsa arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasyna barha ösýän islegi doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berdi. Garaşsyz döwletimiziň bu energiýa çeşmesini daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini ýokarlandyrdy.