Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş topary döredildi

4 Dekabr 2024
124

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş toparyny döretmek hakynda tabşyryk berdi. Hukuk maglumatlar resmi portalynda neşir edilen degişli resminama laýyklykda, toparyň düzümi hem tassyklandy.

Şeýlelikde, iş toparynyň düzümine bäş adam girdi: topara ýolbaşçylyk etjek wise-premýer Witaliý Sawelýew, RF-iň ulag ministri Roman Starowoýt, RF-iň Prezidentiniň geňeşçisi Igor Lewitin, “Russiýa Demir ýollarynyň” baş direktory Oleg Belozýorow hem-de Russiýanyň Ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew dagylar girdi. Dmitriý Zwerew iş toparyň jogapkär sekretary hökmünde bellendi.