Düýpli özgerişlikleriň berk binýady

4 Ýanwar 2021
2369

Ata Watanymyz Türkmenistan gün-günden ösýär, özgerýär. Özgerýän döwletde raýat hukuklary hem döwrebap derejede goralýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Baş Kanuny ― Konstitusiýasy ähli türkmenistanlylaryň bagtyýar ýaşamagynyň, öndürijilikli zähmet çekmeginiň hukuk taýdan kepilnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanun çykaryjylygyň çeşmesidir» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Ýurdumyzyň Baş Kanuny döwlet gurluşynyň, onuň dolandyrylyşynyň raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň esasy hukuk aňladyjysy hökmünde durmuş synagyndan geçdi. Oňa birnäçe gezek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň ösüşinde syýasy, hukuk, ykdysady taýdan uly özgertmeleriň bolup geçendigi bilen baglanyşyklydyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy has hem güýçlendirildi. Il bähbitli kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän ol resminamalarda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhy, şeýle hem milli Liderimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Şol kanunlar raýatlaryň hukuklaryny giňeldip, jemgyýetimize demokratiýanyň çuňňur ornaşdyrylmagyny üpjün etdi, zähmet gatnaşyklarynyň hukuk taýdan kämil binýadyny goýdy. Hukuk ulgamyndaky özgerişlikler ýene-de üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunlaryň ýene-de birnäçesi işlenilip taýýarlanylýar. Kanun kämilleşdigiçe ýurt hem ösýär.

Myrat HUDAÝNAZAROW,
Kerki etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.