Hukuk medeniýetli kämil ýaşlar

4 Ýanwar 2021
2168

Häzirki wagtda milli Liderimiziň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek ugrunda ýurdumyzyň medeni ojaklarynda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde syýasy-jemgyýetçilik, hukuk düşündiriş çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň kanuny sowatlylygyny we hukuk medeniýetini ösdürmekde, döwrebap jemgyýetçilik garaýşy bolan nesilleri kemala getirmekde örän ähmiýetlidir.

Esasy Kanunymyzda, şonuň ýaly-da milli kanunçylyk namalarymyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy kepillendirilýär. Muny türkmen ýaşlarynyň arasynda wagyz etmek we giňişleýin düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu babatda biziň Telekommunikasiýalar we informatika institutymyzda ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýan işler hem bellärliklidir.

Meýlis ORAZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.