Ýurdumyzyň beýik ösüşleri

3 Dekabr 2024
306

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz beýik ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen beýik işler ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün edýär. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň baş ýörelgesi bolup durýar.

Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň baş maksady uzak möhletli ösüşi üpjün etmekden, döwrebap mümkinçilikleri döretmekden, sanly ulgamy ösdürmekden ybaratdyr. Şonuň üçin bu ugur öňdebaryjy ylmy taglymatlary we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň ykdysady serişdeleriniň, tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdyr. Maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanyp bolýar. Şunda ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga giň mümkinçilikler döreýär.

Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.