Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeler, milli gymmatlyklar häzirki döwürde mynasyp dowam edýär. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, watansöýüji ynsanlar edip ýetişdirmek bolup durýar. Munuň özi halkymyzyň milli ýörelgesiniň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär.
Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, kämil ynsanlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil, Watana we il-halkymyza wepaly, milli medeni we ruhy-ahlak ýörelgelerimize ygrarly, häzirki zaman ylym-bilimlerinden we tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn, ruhubelent we kämil ynsanlar bolup kemala gelmeklerine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamy has-da ösdürilýär. Munuň özi bilim işgärlerini öňküden-de döredijilikli zähmet çekmäge, ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi üçin mynasyp işleri alyp barmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek arkaly durmuşa geçirilýän beýik işler ýaş nesillerimiz üçin bagtyýar geljegiň berk binýadyny döretmäge gönükdirilendir, çünki ýaşlar bagtyýar geljegiň, erkana Watanymyzyň röwşen geljegidir. Bu aýdyň hakykat biziň her birimizi buýsandyryp, ýaş nesilleriň röwşen geljegini üpjün edýär.