Milli göreş boýunça ýaryş

2 Dekabr 2024
196

Babadaýhan etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde türkmen milli göreşi boýunça geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy oglanlaryň onlarçasy gatnaşdy. Ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak babatynda uly ähmiýete eýe bolan bu ýaryş «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.

Dürli agram derejelerinde geçen tutluşyklarda ýaş pälwanlaryň arasyndan güýçlüler ýüze çykdy. Şeýlelikde, 40 kilogram agram derejesinde etrapdaky 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Almaz Mergenow, 45 kilogram agram derejesinde 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Rahman Agaýew, 48 kilogram agram derejesinde hem şol mekdebiň okuwçysy Pena Gidmanow, 52 kilogram agram derejesinde 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Gadam Goçmyradow, 57 kilogram agram derejesinde 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwlet Mergenow, 62 kilogram agram derejesinde 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Sähergeldi Hojagulyýew, 68 kilogram agramda 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Yslam Gulgeldiýew, 74 kilogram agramda 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Baýmyradow ýeňiji boldy.

Arzygül NEPESOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.