26-27-nji noýabrda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi guraldy. Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşdy.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Şeýle-de myhmanlaryň arasynda «Fly Dubai», «Cargo Lux», «Lufthansa Consulting» ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) we beýlekileriň wekilleri bar. Şeýle hem foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ulaglaryň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmak, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, durnukly, inklýuziw ulag ulgamlary boýunça netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly geçiş, ekologik taýdan arassa logistikany goldamak we durnukly ulag barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny artdyrmak bu iri halkara çäräniň esasy maksady bolup durýar.