Ýaş watansöýüjileriň joşguny

27 Noýabr 2024
179

Düýn Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagyndaky «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi.

Umumybilim berýän mekdepleriň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň gatnaşmagyndaky bu bäsleşikde merdana nesiller üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Şertlere laýyklykda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözüň üsti bilen beýan etdiler.

Orazgeldi ATAHALLYÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň geňeşiniň hünärmeni.