Bag ekmek — sogap iş

27 Noýabr 2024
252

Biziň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa deňagramlylygyny saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu asylly işler halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip, tebigatyň baýlyklaryny we gözelliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen her ýyl miweli, saýaly we pürli agaçlar köpçülikleýin ekilýär. Bag ekişligi ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary guramaçylykly geçirilýär. Bu çärelere ildeşlerimiziň uludan-kiçisi uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem öz wagtynda alnyp barylýar.

Maýagözel KERIMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.