Ylym – egsilmez baýlyk

26 Noýabr 2024
357

Pähimdar pederlerimiziň ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, pelsepe gymmatlyklary ýaş nesillere asylly terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Şeýle asylly ýörelgä eýerýän halkymyz ylym-bilime belent sarpa goýupdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş alymlaryň ylmy garaýyşlarynyň kemala gelmegine uly üns berilýär. Ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklary, ylmy işleri alyp barmaklary we halypalardan öwrenmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Häzirki döwürde ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, okamagy, öwrenmegi, döretmegi özleriniň baş maksatlary hasaplaýarlar. Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda alnyp barylýan işleriň esasy ugry kämil hünärmenleri taýýarlamak, döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny üstünlikli durmuşa geçirmek bolup durýar. Esasan hem, milli we dünýä ylmynyň inçe syrlaryndan baş çykarmagyň hötdesinden gelýän hünärmenleri ösdürip ýetişdirmek üçin bilim ulgamynyň binýadynyň kämilleşdirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Şirin ÝOLLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.