Şöhratly taryhymyza sarpa (Ýaşlar we Gadymyýetiň ýaňy)

25 Noýabr 2024
281

Her bir halkyň özüne mahsus milli medeniýeti, däp-dessurlary bolýar. Türkmen topragy hem dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan gadymy mekandyr. Halkynyň taryhyna, medeniýetine, sungatyna sarpa goýýan we oňa düşünýän jemgyýetiň Watanyna, ulus-iline söýgüsi has-da belentdir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, olary kanuny esasda gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek babatda uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistan ÝUNESKO bilen 1993-nji ýyldan bäri netijeli hyzmatdaşlyk saklap, 1994-nji ýylda «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky» Konwensiýa goşuldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda hem medeni gymmatlyklary gorap saklamaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar. Şeýle hem bu ugurda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda taryhy-medeni goraghanalar hereket edýär. Olar Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Dehistan, Gökdepe galasy ýaly has uly arheologik we binagärlik toplumlarynyň jemlenen ýerlerinde döredilip, degişli taryhy ýadygärlikleriň öwrenilmeginde, goralmagynda hem-de rejelenmeginde esasy orny eýeleýärler.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.