Kofe ulgamynda dünýä belli «Starbucks» amerikan kompaniýasy hytaý bazaryndaky paýynyň belli bir bölegini satmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» habarlar agentligi aýdýar.
Hytaý «Starbucks» üçin ABŞ-dan soňra iň köp girdejili bazardyr. Kompaniýa geçen ýyl Hytaýda 3 milliard amerikan dollary girdeji gazandy. Şeýle-de ýurduň çäginde 7,6 müň kofehanalaryň ilata hyzmat edýändigi bellärliklidir.