Sanly bilim — täzelenişi we döredijilikli ösüşi işjeňleşdiriji güýç

3 Ýanwar 2021
2242

Ýagşy arzuw-umytlar bilen gadam goýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň dabaralanýandygyna çäksiz buýsanjymy watandaşlarymyz bilen paýlaşasym gelip, elime galam aldym. Şonda ilkinji bolup serime dolan pikir döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara ösen dünýäniň derejesinde kämil bilim bermek üçin edýän köpugurly tagallasy boldy. Şol tagallanyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz bu babatda: «Başarjaň, ählitaraplaýyn bilimli hünärmenleri taýýarlamagy ýaşlykdan başlamalydyr. Mundan beýläk Türkmenistanda, şäher ýa-da obadygyna garamazdan, multimedia tehnologiýalary we internetiň bütindünýä habarlar ulgamyna birikdirmek göz öňünde tutulmadyk mekdepler we çagalar bagy ulanyşa kabul edilmez» diýmek bilen, bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory, pedagogika ylymlarynyň doktory.