Atyň bedenine buýan köküniň täsiri

3 Ýanwar 2021
2164

Buýan köküniň adam saglygyna peýdaly täsiri barada örän köp we gyzykly maglumatlar bar. Biz hem onuň atyň bedenine edýän täsirini öwrenmegi öz öňümizde maksat edip goýduk. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumyna degişli bolan 2019-njy ýylda doglan 10 baş ýaş atlary analog usuly boýunça saýlap aldyk. Ylmy-hojalyk tejribesiniň usulyýetine laýyklykda saýlanyp alnan taýlar iki topara — birinji barlag we ikinji tejribe toparyna bölündi. Barlag toparynyň taýlary dürli otlaryň garylmagy bilen taýýarlanylýan ýorunja bedesi, bugdaý ununyň kepegi we arpa dänesi bilen iýmitlendirildi. Ikinji tejribe toparynyň taýlary hem edil şol görnüşli we şol bir mukdardaky ot-iýmler bilen, ýöne bir üýtgeşikligi, ol hem olara gündelik berilýän 0,3 kilogram bugdaý ununyň kepegi buýan köküniň şiresiniň 2 göterimli ergini bilen garyşdyrylyp berildi. Ýaş atlar buýan köküniň şiresi bilen garyşdyrylan kepegi işdämenlik bilen kabul edýärler.

Biziň pikirimize görä, onuň esasy sebäbi buýan köküniň şiresiniň süýjümtik tagamly bolmagy bilen baglydyr. Tejribedäki taýlary täze berilýän ot-iýmlere öwrenişdirmek işleri 2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda, ylmy-hojalyk tejribesi bolsa 20-nji iýulynda başlandy.

Pälwan SÖÝÜNOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň atlary idetmek we iýmitlendirmek bölüminiň uly ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.