Terbiýäniň çägi bolmaz

20 Noýabr 2024
300

Maşgala — döwletiň bir parçasy bolup, onda edepli-ekramly çagalary ösdürip kemala getirmek borjy tutuş jogapkärçiligi bilen ene-atanyň gerdenine düşýär. Çaga berilýän kämil terbiýe bolsa ene süýdi bilen ornaşýar. Sebäbi çaga başlangyç terbiýesini enäniň kalbyndan susup alýar. Hut şonuň üçin, başlangyç terbiýe ynsanyň geljekki ykbalyny çözýän esasy çesmesidir. Maşgala terbiýesinde esasy orun aýal maşgala degişli bolýar. Çünki adamzadyň sallançakdan başlanýan ömür ýolunyň dowamynda çagalyk döwri ejesi bilen has ysnyşykly ýagdaýda geçýär. Maşgalada ata-enäniň çagalara berýän terbiýesi, ilki bilen, görüm-göreldeden başlanýar. Şeýlelikde, çagalar ata-enäniň gylyk-häsiýetlerini, görkezen göreldelerini, ahlak häsiýetlerini öz kalbynda kemala getirip, olara ömür berýärler. Şol sebäpli ata-ene nähili bolsa, çagasy hem şolar ýaly bolar.

Biziň hemmämiz çagalyk müçesini başdan geçirdik. Bu döwürde ene-atanyň hereketleri terbiýäniň iň esasy, aýgytlaýjy tapgyrydyr. Terbiýäniň aýgytlaýjy döwri, esasan, on dört ýaşa çenlidir. Şu döwürde olara ýagşy zatlary näçe köp öwredip bildigiňçe, şonça-da ýagşydyr. Eger-de zergär işinde ýalňyşlyk goýberse, ol ony düzedip biler. Emma terbiýe meselesinde goýberilen säwligi welin, düzetmek kyn düşer. Ata-ene öz perzendini ömürboýy ganatynyň aşagynda saklap bilmeýär. Perzent isleseň-islemeseň bir gün şol ganatyň aşagyndan çykmaly bolýar. Sebäbi durmuşyň kanuny şeýle. Şonuň üçin hem bir wagt ganatyň aşagyndan çykyp, soň hem edenini-goýanyny bilmän ýaýdanyp ýörenden, goý, ol çagalykdan durmuşa uýgunlaşsyn, taplansyn, öwrensin, boý alsyn! Ýöne welin, herki zadyň öz çeni-çakynyň bardygyny-da unutmaly däl. Beýle diýlende çagalaryň, ýetginjekleriň bar talaby, islegi dandawsyz berjaý edilmelidir diýip düşünilse, nädogry bolar. Çagalaryň diňe adalatly talaplaryny kanagatlandyranymyz ýerliklidir. Galyberse-de, her bir ata-ene öz perzentleriniň ýüregine ýol tapyp, olaryň ähli gylyk-häsiýetlerinden, nämelere gyzyklanyp, kimler bilen tirkeşýändiginden, has takygy, şolaryň gündelik hereketlerinden habarly bolmalydyrlar.

Akbibi ILMÄMMEDOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy.