Daş­ky gur­şa­wyň aba­dan­çy­ly­gy

19 Noýabr 2024
238

Garaşsyz ata Watanymyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeleriň maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, daşky gurşawy goramak we ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar.

Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektar meýdanda tokaý zolaklary emele getirildi. Ýerli agaç nahallary bilen birlikde, dünýä ýurtlarynda gözelligi, ekologiýa edýän oňyn täsiri bilen tapawutlanýan agaç nahallary hem ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ekildi. Nahal ekmek, bag oturtmak, baga ideg etmek ýaly ýörelge türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biridir. Häzirki wagta çenli ülkämiziň tebigat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri güneşli Diýarymyzyň gymmatly agaç tokaýlarynyň mekanydygyny tassyklady. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa, Orta Aziýa döwletleriniň çäklerinde duş gelmeýän tebigy baýlykdyr. Munuň aňyrsynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gözüň göreji ýaly gorandygy we ösümlik dünýäsini özüniň medeniýetine, ruhy ýörelgelerine ornaşdyrandygy hakyndaky hakykat ýatyr.

Je­mal GUR­BA­NO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri.