Melhemler mekany

19 Noýabr 2024
234

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildiniň çap edilmegi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Milli Liderimiziň bu köp jiltli ylmy neşiri diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döretdi. Şu jähetden, tutuş adamzat nesliniň saglygynyň goragy ugrundaky ägirt uly zähmeti özünde jemleýän bu ylmy-ensiklopedik işiň her jildi okyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alynýar.

Eşretli durmuşyň baş sakasynyň saglykdadygy baradaky halk paýhasyndan ugur alýan döwlet syýasatymyzda adamlaryň saglygyny goramak, berkitmek we ömürlerini uzaltmak maksatly tagallalar ähli babatda ileri tutulýar. Şu jähetden, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň ygtybarly ugry bolan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ylmy esasda, dünýä derejesine galdyrmaga aýratyn uly yhlas siňdirilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ylmy işleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildiniň häzirki ajaýyp günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyran möhüm wakadyr.

Orazgeldi ÇARYGULYÝEW,
Tejen etrabynyň Tejen şäher hassahanasynyň baş şepagat dogany.