WAŇ Siaňfu, hytaý ýazyjysy
Ýaşy bir çene baran käbämiň indi öňküligi ýokdy. Diýseň garrapdy. Ogul-gyzlarynyň hersi bir enäniň, bir atanyň ornunda durdy. Käteler aýak üstünden diýen ýaly gelip, ejemiň aman-esendigini görerdiler-de, ýene-de öýlerine dolanmak bilen bolardylar. Ozallar alagoh bolup, daşyny gallap alan gol doly çülpe-çagaly mähribanymyň häzirki wagtda öýi boşap galypdy. O döwürler bolsa düýş ýaly bolup geçip gidipdi.