Gadymy hem müdimi haly sungaty

18 Noýabr 2024
186

Haly - bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis sungat, özem gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Gadymdan bäri inçe sungat hökmünde tanalýan türkmen haly görnüşlerine teke, ýomut, beşir, ärsary, çowdur taýpa halylary girýär. Her taýpanyň, toplumyň haly gölleriniň özüne laýyk gelýän manysynyň bolmagy hem bu sungatyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyna aýdyň subutnamadyr. Munuň özi ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän, türkmen dünýäsiniň taryhyny, tebigatymyzyň gözelliklerini, zenan kalbynyň tämizligini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir.

Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy maglumatlar, ylmy çeşmeler, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçy syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan haly önümleri we beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Häzirki durmuşymyzda ulanylýan halylaryň we haly önümleriniň gadymy kökleri türkmen taryhynyň gadymylygyna, onuň geçmişde beýik sungatynyň bolandygyna biziň ata-babalarymyzyň häzirki Türkmenistanyň topragynda hemişe ýaşandygyna güwä geçýär. Eneolit we bürünç eýýamlaryndan başlap türkmenleriň ata-babalarynda halyçylyk sungatynyň bolandygyny, bu sungatyň gündelik hojalyk durmuşlarynda uly orun tutandygyny tassyklaýan garaşylmadyk we jedelsiz maglumatlaryň käbirine ser salalyň.

Süleýman RESULOW,
Çärjew etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.