Tebigy gazyň häsiýetleri we ulanylyşy

18 Noýabr 2024
254

Gatlakdan çykarylýan tebigy gaz, kada bolşy ýaly, suwy hem-de kondensaty (gazkondensat ýataklarynda) özünde saklaýar. Bu ýagdaýda suw iki görnüşde bolýar: süýji we minerallaşan. Minerallaşan suw, köplenç ýagdaýda, suwbatly düzgünde we aşaky böleginde suwlar bolan «ýüzýän» ýataklar diýlip atlandyrylýan känleri işläp geçmekligiň giçki döwründe tebigy, ýagny «erkin» diýip atlandyrylýan görnüşde gatlakdan gaz bilen gelip başlaýar.

Kondensasion suw bolsa, edil gazkondensat-suwuklyk ýaly daşky görnüşi boýunça dizel ýangyjyny ýatladýar, ýöne oňa görä has açyk, gatlakda gaz görnüşli (bug) ýagdaýynda ýerleşýär. gaz bilen erkin däl ýagdaýda garyndy görnüşinde gelýär. Gazyň guýynyň düýp çuňlugyndan ýeriň üstüne çenli, soňra bolsa turbageçiriji boýunça hereketi boýunça temperatura we gazyň basyşy aşaklanýar, bu bolsa gaz görnüşindäki suwy we kondensaty suwuklyk ýagdaýyna getirýär.

Sapargylyç DURDYGYLYJOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri.