Guýulary parafinden arassalamagyň kämilleşdirilen usullary

18 Noýabr 2024
222

«Keýmir» NGÇM-e degişli nebitgaz ýataklaryndan çykarylýan nebitiň düzümindäki asfalten, şepbik we parafin çökündileriniň (AŞPÇ) mukdarynyň beýleki NGÇM-ler bilen deňeşdireniňde köplügi ylmy işgärler we hünärmenler üçin aýdyň mesele. Guýynyň NKT sütüninde (esasan, turbanyň 1 müň 500 metr ýokary çäginde) hem-de guýynyň düýpýaka zolagynda we ondan uzagrak aralyklarda toplanan parafin çökündileriniň nebit bilen bile akyp gelmegi hem önümiň parafinlilik derejesiniň artmagyna we zolagyň parafinleşmegine getirýär. Şol sebäpli ýokarda agzalan ýataklaryň nebitli guýularynda 5-10 gün aralykda her bir guýy üçin parafiniň garşysyna çäre geçirmek işleri talap edilýär. Guýularda nebitli gatlagyň öndürijiligini artdyrmak maksady bilen geçirilýän gatlaklara fiziki-himiki täsir etmekden soň, gatlagyň geçirijilik ukybynyň wagtlaýyn ýokarlanmagy we guýynyň önüminiň artmagy sebäpli, guýynyň düýpýaka zolagynda parafin çökündileriniň ýene-de gaýtadan ýygnanmagyna, netijede, gatlagyň geçirijilik ukybynyň peselmegi esasynda guýynyň önüminiň aşaklamagyna getirýär. Esasan-da, bu meseläniň ýitileşmegi nebit ýataklaryndaky gatlak basyşynyň aşaklamagy, nebit çykarmagyň soňky tapgyrlarynda gatlaklardaky nebitiň has parafinli, agyr toparlarynyň akyp gelmegi ýaly kanunalaýyk hadysalar bilen baglydyr. Ulanyşyň giçki tapgyryndaky känlerden çig nebitiň çykarylyşyny durnukly derejede saklamak, bu känleriň nebit berijilik mümkinçiligi bolan çuň önümli gatlaklarynda täze ulanyş guýularyny gazyp, önümçilige girizmek, hereket etmeýän ulanyş guýularynda ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.

Dünýä tejribesinde nebit çykarmagyň usullarynyň köpelmegi hem AŞPÇ-nyň toplanmagynyň garşysyna ulanylýan çäreleriň dürli usullarynyň döremegine getirdi. Parafiniň garşysyna dünýä tejribesinde indi 150 ýyla golaý bäri göreşilýän hem bolsa bu ugurdan ýeke-täk bir usul heniz tapylanok. Ony nebitli gatlakdan doly aýyrmak başartmaýar we himiki reagentleri nebit gatlagyna yzygiderli basmarlamak kän harajat talap edýär.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.