Mälim bolşy ýaly, «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, dünýä jemgyýetçiligini olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, 16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.