Halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýär

17 Noýabr 2024
315

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny giňden öwrenmek, medeniýeti we sungaty ösdürmek babatda ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasy geçirildi. Bu dabara medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri we alymlar gatnaşdylar.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşan Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynda, ýazyjy-şahyrlarda, teatr, kino işgärlerinde, suratkeşlerdir aýdymçy-sazandalarda, şeýle hem beýleki döredijilik toparlarynda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-nyň ýörite kubogy, şeýle hem «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy.

Gülşirin MUHANOWA,
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň baş redaktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.