Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

17 Noýabr 2024
334

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Gonkongdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Serbiýadan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Ukrainadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden we Şweýsariýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, yşyklandyryjy kerosini, dizel ýangyjyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda we Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli  dokma önümleri hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen buýan köküniň guradylan ekstrakty satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 24 million 818 müň 800 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB.