«Aýdyň gijeler» Türkmenistanda ilkinji bolup kabel önümçiligini ýola goýdy

17 Noýabr 2024
210

«Aýdyň gijeler» kompaniýasy hytaýly hünärmenler hem-de Germaniýanyň «Siemens Standard Motors LTD» kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji bolup kabel önümçiligini ýola goýdy. Türkmen kompaniýasy Ýewropanyň degişli guramalary tarapyndan sertifikatlaşdyrylan, şeýle-de halkara ölçeglerine laýyk gelýän kabel önümlerini «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara serginiň çäklerinde tanyşdyrdy.

«Aýdyň gijeleriň» täze önümi içerki we daşarky bazarlara niýetlenilen bolup, kompaniýanyň önümçilik zawodynyň kuwwaty ýylda 80 million metr kabel öndürmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda önümçilik zawodynda pes we orta ýygylykly alýumin, mis kabelleri öndürilip, bu ýerde ýakyn geljekde ýerli çig malyň hasabyna optiki süýümli geçirijileriň hem öndürilmegi meýilleşdirilýär.

Şabasan BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.