«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyz Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak döwletimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.