«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ahyrlanmagyna az wagt galdy. Beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy Diýarymyzda hem-de halkara derejede ylmy maslahatlar, döredijilik duşuşyklarydyr bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar bilen şöhratlanýar. Ýylyň dowamynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Magtymguly Pyraga bagyşlanan birnäçe çeper we dokumental filmler surata düşürildi.
Bilşimiz ýaly, «Türkmenfilm» birleşiginiň dokumentalçylary ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun alan, şahyryň ýatlap geçýän ýurtlarynyň birnäçesinde, has anygy, Türkiýede, Özbegistanda, Azerbaýjanda, Hindistanda, Eýranda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda bolup, filmler tapgyryny taýýarladylar. Olarda şahyryň ykbalynyň bilim-ylym gözleginde, jahankeşdelikde geçirilen döwürleri dokumental kinonyň dilinde beýan edilýär. Bu tapgyry taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşilendigini nygtamak gerek. Gözlegler öz netijesini hem beripdir. Çünki daşary ýurtlarda döredijilik saparynda bolup, Magtymgulynyň söz mirasynyň muşdaklaryny tapyp, olar bilen şahyryň şygyrlary, ony ol ýurtlar bilen baglanyşdyrýan ýagdaýlar barada gürrüňlerini tomaşaçylara ýetirmek, ilki bilen-ä, bu ugurdan ýeterlik maglumatlary toplamagy, ikinjiden bolsa, surata alynjak görnüşler üçin laýyk ýerleri saýlap almak ýaly hysyrdyly zähmeti talap edýär.