Oba hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň her biri öz peýdaly alamatlary bilen tapawutlanýar. Şeýle ekinleriň biri hem sarymsakdyr. Sarymsak dürli naharlary we işdäaçarlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Gadymy wagtlardan bäri peýdalanylyp gelinýän sarymsagyň adam saglygyna peýdaly taraplary köpdür.
Sarymsagyň düzüminde köp mukdarda mikroblary we bakteriýalary gyryjy maddalar – fitonsidler bar. Mundan başga-da, ondaky A, E, C, B1, B6, D, K, P toparlarynyň witaminleri, aminoturşylar, kaliý, marganes, sink ýaly mineral maddalara baýdyr.