Oba hojalyk işgärleriniň çekýän yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde sahawatly türkmen topragynda ekinleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär, azyk bolçulygy has-da pugtalandyrylýar. Edermen gallaçy, pagtaçy daýhanlarymyz döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlar esasynda bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde gujur-gaýratyny gaýgyrman, halal zähmet çekýärler, täze-täze üstünlikleri gazanýarlar. 10-njy noýabrda Hasyl toýy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralar hem bu hakykaty aýdyň açyp görkezdi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.