Döwrüň derwaýys meselesi

13 Noýabr 2024
268

Halkymyzyň abadançylygy ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler bu gün öz netijesini berýär. Bagtyýar ykbally ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy, ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşleriň gazanylmagyna itergi berýär. Has dogrusy, daşky gurşawyň abadançylygy nurana geljegimizi kepillendirýär. Hut şu nukdaýnazardan hem ekologiýa howpsuzlygy, häzirki zaman jemgyýetimiz üçin derwaýys meseleleriň biri bolmak bilen, oňa goşant goşmak her birimiziň borjumyz hökmünde ör-boýuna galýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak wezipesi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda saýaly we miweli bag nahallaryny oturdyp, ýaşyl zolaklary döretmek, ekologiýa wezipelerini çözmek, atmosferanyň hapalanmagynyň öňüni almak, howanyň üýtgemegine garşy aýgytly göreş çärelerini ýaýbaňlandyrmak babatdaky tagallalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bag ekmek, mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga, göze ýakymly ýaşyl ýazlara beslemek ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny durnukly gowulandyrmaga uly goşantdyr. Tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak, Diýarymyzy geljekki nesillerimiz üçin abadan, arassa, ýaşamak üçin amatly ýagdaýda miras galdyrmak belent adamkärçiligiň nyşanydyr.

Ýörite habarçymyz.