«Dürdür bu janyň lezzeti...»

13 Noýabr 2024
289

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda Magtymguly atamyzyň köpgyraňly şygryýetine ýokary baha bermek bilen, akyldar şahyrymyzyň ähladamzat gymmatlygynyň derejesine göterilen şygryýet ummanynyň içinden ynsan saglygy hakyndaky öwüt-ündewleriň eriş-argaç bolup geçýändigini nygtaýar. Sagdyn iýmitlenmek, arassa ýaşamak, päkizelik ýörelgeleriniň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde esasy orny tutmagy halkymyzyň jan saglygy bilen bagly meselä owaldan-ahyra aýratyn üns berendiginden habar berýär. Çünki sagdyn ýaşaýyş — kämil jemgyýetiň hamyrmaýasy. Şonuň üçin ata-babalarymyz: «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen paýhasy döredipdirler. Magtymguly atamyz hem hut şonuň üçin: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ileri tutulýan häzirki döwründe Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny kalbymyza guýşumyz ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ot-çöplerden ýerlikli peýdalanmagy hem başarmagymyz gerek. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary ýakyn ýardamçymyzdyr. Biz ýokary okuw mekdebimizde talyplar bilen geçýän sapaklarymyzda Milli Liderimiziň halkymyzyň milli gymmatlygyna öwrülen eserleri barada giňişleýin gürrüň edýäris. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlary, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserleri bilen baglanyşyklylykda ylmy-amaly okuwlary, çeper okaýyşlary geçirýäris, sowal-jogap agşamlaryny guraýarys. Bu bolsa biziň degişli mowzugy çuň özleşdirmegimize uly itergi berýär.

Maýa WAÝSOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.