Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, 13 — 15-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ajaýyp sungat baýramy — «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçirilýär. Onuň çäklerinde Türki döwletleriň kinematografiýa ulgamynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty, Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişi, daşary ýurtly meşhur kinoaktýorlar we režissýorlar bilen ussatlyk sapaklary hem guralar. Festiwalda sungat muşdaklaryna türkmen kinematograflarynyň döreden täze eserleri bilen birlikde, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan hem-de Tywa Respublikalarynyň sungat ussatlarynyň döreden çeper, dokumental hem-de multfilmleri tomaşaçylara hödürlenilýär.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary halkara festiwala ýokary derejede taýýarlyk gördüler. Bagtyýar watandaşlarymyza türkmen kinoçylarynyň «Kompozitor», «Magtymguly Pyragy», «Kitap», şeýle hem türkmen we özbek kino işgärleriniň bilelikde taýýarlan «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmleri, Magtymgulynyň döredijiligi barada Hindistanda, Azerbaýjanda hem-de Özbegistanda düşürilen dokumental filmler hem-de «Röwşen» atly multfilm görkeziler. Görnüşi ýaly, festiwala türkmen kinematograflary tarapyndan hödürlenen filmleriň aglabasy Magtymguly Pyragynyň ömür we döredijilik ýoluna bagyşlanan filmlerdir. Munuň özi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden dabaralandyrmak bilen baglydyr.