Suw gorlary — gymmatly baýlyk

13 Noýabr 2024
272

Suwdan rejeli we tygşytly peýdalanmak döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da bu babatda yzygiderli tagalla edilýär. Güneşli Diýarymyzyň suw gorlary Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek we Sumbar derýalarynyň, Köpetdagyň we Köýtendagyň kiçi derýalarynyň, Köpetdagyň demirgazyk-gündogar eňňidindäki uly çeşmeleriň we kärizleriň, wagtlaýyn akarlaryň (sil suwlarynyň), takyrlarda toplanýan ýagyş suwlarynyň, şeýle-de ýerasty süýji suw gorlarynyň hasabyna emele gelýär.

Türkmenistan ýerüsti suw gorlaryny, esasan, Amyderýadan alýar. Murgap, Tejen, Etrek derýalarynyň köpýyllyk suw akymlarynyň jemi 2854 million kub metre, Köpetdagyň we Köýtendagyň kiçi derýalarynyň, Köpetdagyň demirgazyk-gündogar eňňidiniň uly çeşmeleriniň we kärizleriň suw akymlarynyň umumy möçberi bolsa 150 million kub metre deňdir. Dag we dagetek sebitlerde çabgaly ýagyşlaryň ýagýan ýaz we güýz pasyllarynda sil akymlary döreýär. Merkezi Köpetdagyň dagetek sebitlerinde iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly sil suwlaryny toplamak üçin göwrümi uly bolmadyk suw howdanlary guruldy. Olara Bagyr we Gozgançaý obalarynyň töweregindäki howdanlar degişlidir. Geljekde şeýle suw howdanlaryny ýurdumyzyň beýleki dag we dagetek sebitlerinde-de gurmak meýilleşdirilýär. Şu çäklerde siliň döremegine getirýän meteorologik hadysalara, esasan, demirgazyk-günbatardan gelýän çygly howa akymlary, Murgapdan we Günorta Hazardan öwüsýän ýagyşly howa akymlary degişlidir. Has giň çäkleri eýeleýän ygally howa akymlary aralaşanda, bir wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde sil suwlary ýüze çykyp bilýär.

Diýar YHTYÝAROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.