Täsin daragt

12 Noýabr 2024
224

Jakaranda — täsin ösümlik. Jakarandanyň watany Günorta Amerika hasaplansa-da, häzirki wagtda ol dünýäniň köp ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Jakarandanyň täsin gök, benewşe reňkli, jaňjagaza meňzeş gülleri bolýar. Bu ösümligiň käbir görnüşleriniň ak, sary we goýy gyzyl reňkli güllüleri hem gabat gelýär. Hemişe gök öwüsýän bu ösümlik oktýabr aýyndan dekabr aýyna çenli has owadan görünýär. Bu döwürde ol gülleýär we baldaklary güle bürenýär. Onuň boýunyň uzynlygy 20 – 30 metre çenli ýetýär.

Jakaranda Awstraliýada giňden ýaýran agaçdyr. Her ýylda Grafton şäherinde Jakaranda festiwaly geçirilýär. Awstraliýada maşgalada çaga doglandan soň, jakaranda agajynyň nahalyny oturtmak däbi bar. Awstraliýaly talyplar bu agajy «synag agajy» diýip atlandyrýarlar. Jakarandanyň gülleýän wagty onuň güli kimiň kellesine gaçsa, bu onuň synagdan üstünlikli geçjekdigini aňladýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Gülşirin GAÝYPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.