Halal zähmetiň belent sarpasy

11 Noýabr 2024
238

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

Gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistanda häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar. Ýekşenbe gününde ― 10-njy noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýunyň giňden bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

«Nesil».