Resul MYRADOW.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi:
— Biziň agzybir, bagtyýar maşgalamyza-da paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş jaýlaryndan 3 otagly döwrebap öýleriň birini almak bagty miýesser etdi. Bu şatlykly waka örän tolgundyryjy pursatlara beslenip, ýüreklerimize ýazyldy. Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň hut özi öýümize gelip, bizi täze jaýa göçmegimiz mynasybetli gutlady. Ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy. Öýümizde döredilen döwrebap şertler, amatlyklar bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiziň ýürekdeş söhbetdeşligi bizi örän tolgundyrdy. Maşgala ojagymyza — öýümize Şa gadamynyň düşmegi başymyzy göge ýetiren iň bir ajaýyp waka bolup, hakydamyzdan orun aldy. Bu şatlykly wakany uly buýsanç hem tolgunmak bilen hemişe ýatlarys...