Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär

8 Noýabr 2024
286

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ýurdumyzyň milli baýlyklaryny rejeli peýdalanmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz bu möwsüme — ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi. Munuň özi pederlerimizden gelýän asylly ýörelgelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylyp, şunda ählihalk bag ekmek dabarasy mynasyp orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda terbiýäniň on iki görnüşine üns çekip, onda ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesine aýratyn ähmiýet berýär. Çünki bu terbiýe şahsyýete tebigaty işjeň goramagy öwredýär, onuň tebigat bilen aragatnaşygyny kämilleşdirýär, ýaş nesli ekologik bilim bilen taplaýar.

Aýjemal GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy.