Berkarar Diýarymyzda türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenabat şäherinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhananyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bu ugurdaky işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Amyderýanyň kenarlarynda bitýän buýanyň köki milli baýlyklarymyzyň biridir. Mälim bolşy ýaly, buýanyň köki gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda hem-de häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynda bejeriji serişde hökmünde, şeýle hem konditer we kosmetika önümçiliginde giňden ulanylýar. Buýan köküni ýygnamak, täzeden işlemek we ýurdumyzyň içki bazarlaryna ýerlemek, şeýle hem daşary döwletlere eksport etmek işleri Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumy tarapyndan alnyp barylýar. Kärhana boýunça her ýyl 19 müň tonna töweregi çig görnüşindäki buýan köki taýýarlanylýar. Kärhanada buýan köki täzeden işlenilip arassalanylýar we baglanylýar. Şeýle hem bu ýerde buýan köküniň ekstrakty taýýarlanylýar. Bu önümlere dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen welaýatymyzyň merkezinde işe girizilen buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhana bu önümçiligiň gerimini has-da giňeltmeklige oňyn şert döretdi. Täze döwrebap kärhana bir ýylyň dowamynda 4 müň 500 tonna buýan kökünden 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürmäge niýetlenilendir. Kärhananyň önümçilik binasynda biz işleriň ýola goýluşy bilen gyzyklanyp, bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk.