Türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny ýurdumyzyň ösüşleriniň hyzmatynda goýmak ýaly il-ýurt bähbitli işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda çeken zähmetleri-de tüýs ýerine düşdi.
— Biziň agzybir hem-de zähmetsöýer hünärmenlerimiz ýurdumyzyň Lebap we Balkan welaýatlarynda gözleg-buraw işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Olaryň belent maksatlara gönükdirilen işleri üstünliklere hem beslenýär. Şanly ýylymyzyň geçen döwründe tebigy gazyň täze ýataklarynyň üstüniň açylmagy bolsa bizi has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar — diýip, ekspedisiýanyň baş inženeri Derkar Bekdurdyýew gürrüň berýär.