Aglama gurjak

4 Noýabr 2024
763

Gurjaklar — çagalygymyzyň baky hemrasy, ilkinji syrymyzy paýlaşan we ony hiç kime «aýtmadyk» unudylmajak joralarymyz. Tamyň kölegesinde agaçdan öz eliň bilen ýasap, öz eliň bilen köýnek tikip geýindiren gurjaklaryňy daşyňa üýşürip, deň-duş joralaryň bilen «gelin-gelin», «gurjakgoş» oýnamagyň lezzeti bir başga. Aslynda, şol oýunlar gyzjagazlary durmuşa taýynlaýan özboluşly mekdep ekeni. Ulalyp, çagalygyňdan daşlaşdygyňça, ünsüň gurjaklardan sowlup, kitaba, işe gönükýär. Şeýle-de bolsa, haýsydyr bir gyzjagazyň elinde kiçijek wagtyň «joraň» bolan gurjagyňa meňzeş gurjaga gözüň düşse, ýüregiň jigläp, nädip çagalyk ýyllaryna dolananyňy bilmän galýarsyň.

Köp wagtyny gurjak oýnamaga sarp edýän gyzjagazlaryň beýlekilerden alçaklygy, oňşuklylygy, özüne serenjam bermegi halaýandygy, dillijeligi bilen tapawutlanýandygyny duýmak bolýar. Bu, elbetde, ilkinji nobatda, gurjaklaryň täsiri bilen berk bagly. Kir-kimirsiz çaga kalbynyň ähli zady bolşy ýaly, hatda ondan-da owadan görüp bilşi ýaly, gyzjagazlar hem öz gurjaklaryny «janly» diýip kabul edýärler. Häzirki wagtda adamzat aňynyň ösüp, ähli pudaklaryň kämilleşmegi arkaly öndürilýän gurjaklaryň hem hili hem-de görnüşi ýokarlandy. Birbada seredeniňde adamdan tapawutlandyryp bolmaýan gurjaklary göreniňde uly hem bolsaň, gözüň eglenenini-de duýman galýarsyň. «Her döwür, bir döwür». Eger-de biz çagakak mawy gözli, arkasyna öwürseň, «Eje» diýip seslenýän gurjaklary oýnan bolsak, biziň gyzjagazlarymyzyň oýnaýan gurjaklary düýbünden başga. Birnäçe egin-eşigi, darakdyr bezeg önümleri, hatda ulaglary bilen üpjün edilen ol gurjaklary oýnamak gyzjagazlar üçin şeýle bir ýakymly welin, olara daşyndan seredip, öz çagalyk ýyllaryňa dolanasyň gelýär.

Ogulsona BOPPYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.