Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Owganystandan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portlandsementi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 557 müň 400 amerikan dollaryna deň boldy.