Çagam birinji synp okuwçysy

31 Oktýabr 2024
503

Çagalar bagyna gatnan çaga terbiýeçisinden, öýde ene-atasyndan görelde alýar, olaryň hereketlerini synlaýar, gerek ýerlerini aňynda bekleýär. Ýagşy hereketler, edim-gylymlar çaganyň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmegine ýardam edýär. Wagt geçýär, çaga orta mekdebiň gapysyndan ätleýär. Körpe nesil üçin täze bir dünýäniň gapysy açylýar. Oňa mekdep durmuşy, deň-duşlary bilen öwrenişmek birbada kyn düşmegi mümkin. Şonda ene-atalaryň mugallym bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagy gerek. Hünärmenler özleriniň geçiren barlaglarynda çaganyň başlangyç bilimi talabalaýyk ele almagy, harplary we sanlary ýat tutmagy, öý işlerini wagtynda ýerine ýetirmegi üçin ene-atanyň ünsli bolmalydygyny belleýärler we şu aşakdaky usullary maslahat berýärler:

Ilkinji nobatda, çaga bilim almagyň zerurdygyny, şonuň üçin mekdebe gatnamalydygyny düşündirmeli. Ene-ata özüniň birinji synpa gidişi, taryhy, edebiýaty, matematikany, aýdym-sazy, bedenterbiýäni, daşary ýurt dillerini, kitap okamagy söýýändigi barada mysallaryň üsti bilen köpräk gürrüň berip, olarda okamaga bolan höwesi oýarmaly. Şonuň bilen birlikde, okuw esbaplaryny aýawly saklamalydygyny, mugallymyň düşündirýän zatlaryna üns berip, dogry düşünmelidigini ündäp durmaly. Şeýle edilende çagada okuwa, mekdebe bolan höwes has hem artýar.

Nurbibi HAJYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 39-njy «Nowgül» çagalar bakja-bagynyň müdiri.