Çekseň zähmet — ýagar rehnet

29 Oktýabr 2024
347

«Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, çeken päk zähmetiň hözirini görmegiň lezzeti başgaça. Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginde 40 ýyla golaý kärendeçi bolup zähmet çeken Mährem Weljikow hem bu günki gün yhlasly zähmetiniň hözirini görüp bagtyýar durmuşda ýaşaýan kärendeçileriň biri. Ýakynda bu kärendeçi bilen duşuşyp söhbetdeş bolanymyzda, ol özüniň ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

— Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak, onda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly çykyşyny diňlemek meni diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Şeýle hem şu taryhy ýylda çeken zähmetime uly baha berlip, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmagym meniň buýsançly başymy göge ýetirdi. Bu döwlet sylagy meni öňküden-de gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň hünärmeni.