Güýz paslynda üzüm baglarynyň hasyly doly ýygnalandan soňra, üzüm agaçlaryna agrotehnikanyň talaplaryna görä mineral, ýerli dökünleri bermeli hem-de sürüm işlerini geçirmeli. Ýerli dökünlerden malyň çüýrän dersi iň peýdalysydyr. Ol her üç - dört ýyldan gektara 30 – 40 tonna, mineral dökünlerden 600 kilogram superfosfat, 100 kilogram hlorly kaliý, mundan başga-da mikrodökünlerden 3 ýyldan bir gezek 3 kilogram sink, 2 ýyldan 5 kilogram margens, her ýylda 1,5 – 2 kilogram bolar ýaly dökünleri sürümiň aşagyna dökmek maslahat berilýär. Sanalyp geçilen dökünler öz wagtynda we bellenen möçberde berlen ýagdaýynda hasyllylyk 200 – 250 sentnere ýetýär.
Dökün berlen üzüm baglaryna yzgar suwuny bermek, üzüm düýplerindäki guran şahalary kesip aýryp, timarlamak işleri geçirilýär. Bu işleriň wagtynda geçirilmegi üzüm agajynyň ýokary hilli hasyl toplamagyna täsir edýär. Gyşda howanyň derejesi +0 gradusdan aşak düşen ýagdaýynda üzüm agajyny çyrpmak maslahat berilmeýär. Üzüm sortlarynyň ösüşi görnüşine we ýerli toprak-howa şertlerine görä, biri-birinden tapawutlanýarlar. Şol sebäpli olaryň çyrpylyşy-da birmeňzeş bolmaýar. Çalt ösýän üzümlerde galdyrylýan pyntyk sany 8 – 10 bogundan kesilýär. Emma haýal ösýän üzüm çybyklary 2– 3 bogundan çyrpylýar. Üzüm çyrpylanda onuň her düýbünde 2 – 4 sany gol (şaha) goýup, artykmaç gollary düýbünden kesip aýyrmaly. Eger gol guran ýa-da döwülen bolsa, onda täze, sagdyn we göwnejaý çybykdan gol goýulýar. Üzüm çyrpylanda, gowşak ösen inçe çybyklary goýmaly däl. Ol çybyklardan çykýan ýaprak kiçi, miweleri-de ownuk bolýar. Şahalarda hasylly pyntyklar seýrek bolýar, çybyklar çendenaşa ýognap gidýär, hasyly pes bolýar. Ýokary hilli üzüm almak kesilip goýlan üzüm şahalaryna baglydyr. Üzüm şahalarynda bogunlaryň arasy gysga, ýogynlygy 7 – 10 millimetr bolan çybyklary goýmaly.