Toklularyň ýüň örtüginiň reňki we ýüň önümliligi

29 Oktýabr 2024
339

Ýurdumyzyň dowardarçylyk pudagynda saryja tohumly goýunlara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu goýunlar et-ýag we ýüň ugurly guýrukman tohuma degişli bolup, çalt ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Olardan alynýan et-ýag ýokumlylygy we hümmetliligi bilen tapawutlanýar. Saryja goýunlarynyň ýokary tehnologik häsiýetlere eýe bolan ak reňkli, ýarym irimçik ýüňi türkmen halylaryny dokamakda möhüm çig mal hasaplanylýar. Çünki bu goýunlaryň ýüňüni senagat taýdan işläp, egirmek arkaly türkmen halylaryny dokamakda ulanylýan eriş, argaç we çitimlik ýüplükler alynýar.

Saryja tohumly goýunlaryň guzulary doglanda goňur, ak-goňur we gara-goňur reňkli bolýar. Guzularyň şu reňki ilkinji gyrkyma çenli saklanýar. Sebäbi guzularyň 25 – 30 günlük döwründen başlap, ösýän ýüň süýümlerine reňk beriji pigmentleriň gelmegi kesilýär. 5 aýlyk döwründe ilkinji ýüň bolan baýzy ýüňüniň gyrkylyp alynýan möwsüminden başlap, olarda ak reňkli ýüň süýümleri ösüp ugraýar. Toklular ilkinji gezek gyrkylyp, baýzy ýüňi alnandan soň, olaryň düýrüm ýüňüniň süýümleri ak reňkli bolup, bütin kellesiniň we aýaklarynyň örtüji tüýleri öňki reňkinde (goňur, ak-goňur we gara-goňur) galýar.