Kadaly gögeriş gazanylýar

29 Oktýabr 2024
291

Kaka etrabynyň ak ekin ussatlary geljek ýylyň hasyly üçin 42 müň 400 gektar meýdanda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirip, häzirki günlerde oba hojalygyndaky möhüm çäräni agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Etrabyň «Türkmenistan», «Parahat», G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşikleri, «Edermen pagtaçy», «Ýaz meýdan», «Ýeke çeşme» daýhan hojalyklary bu işde görelde bolýarlar.

Gögeriş suwuny tutmakda tapawutlanýanlaryň hatarynda «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygyny ilkinjileriň hatarynda agzamak bolar. Işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde irki ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş hem gazanylýar. Ösümlikleri goramak gullugynyň hünärmeni Perhat Orazow bolsa häzirki gyzgalaňly günlerde ekin meýdanlarynda bolup, ekine talabalaýyk ideg etmek, zyýankeşlerden goramak boýunça degerli maslahatlaryny berýär.

Tawus BEKNAZAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy. SURATDA: Ösümlikleri goramak gullugynyň baş hünärmeni Perhat Orazow bilen «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynyň agronom-hünärmeni Baýram Annamuhammedow ekin meýdanynda.