Gökdepe etrabynyň oba zähmetkeşleri geljek ýylyň hasyly üçin 10 müň 100 gektarda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirip, häzirki günlerde möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda tutmak işine hem jogapkärli çemeleşilýär.
Kadaly gögeriş gazanylan meýdanlaryň idegi birkemsiz ýetirilýär. Meýdan işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Bu zatlar geljekki bol hasylyň girewi bolup durýar. Jogapkärli günlerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri oba zähmetkeşleri bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armalaryny ýetirýärler.